OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi.
Gysga wideoşekilde futbolçy çat-botdan özüniň suratyny üýtgetmegi, ýagny saçlaryny Argentinanyň milli baýdagynyň reňklerine boýamagy soraýar. Surat işlenip gutarylandan soň, ol taýýar bolan suraty öz toparynyň umumy çatyna iberýär.
Şol bir wagtyň özünde OpenAI kompaniýasy suratlary redaktirlemek üçin ýörite mysaly nusgany hödürledi. Onda ulanyjylara islendik suraty ýüklemek we tebigy keşbi saklap galmak bilen ulgamdan diňe saçyň reňkini milli baýdagyň reňklerine öwürmegi soramak teklip edilýär.
Ýatlap geçsek, Lionel Messi 2022-nji ýylda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijisidir.