Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi.
Häzirki wagtda bu programma ulanyjylaryň beren 22,9 milliondan gowrak seslenmesiniň esasynda 5 ýyldyzdan 4,3 ýyldyzly ýokary reýtinge eýe bolup durýar.
Ilon Mask Twitteri satyn alandan soň, ony diňe bir gysga tekst ýazylýan ýer däl-de, eýsem hemme taraplaýyn hyzmaty jemleýän uly sanly platforma öwürmek ugrunda işleýär. Şol sebäpli hem X ulgamyna yzygiderli emeli aň (EA) gurallary, giňişleýin wideo hyzmatlary, pul töleg funksiýalary, iş gözlemek we bildiriş goýmak bölümi, habarlary hakyky wagtda gönümel hem çalt paýlaşmak ulgamy ýaly täze aýratynlyklar goşulýar:
Mobil programmalar dünýäsinde 1 milliarddan köp ýüklenmek örän seýrek bolýan we uly görkeziji hasaplanýar. Dünýäde şonça ýüklenen programmalaryň hatarynda WhatsApp, Snapchat, Spotify, Netflix we Telegram ýaly iň meşhur sanly hyzmatlar bar. Indi X hem şolaryň hataryna goşuldy.