NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

  • 15.05.2026 12:36
  • 2.7k+

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk hatyny iberdi.

Jeff Bezosa degişli bolan kompaniýanyň taslamasy maglumatlary işlemek merkezlerini ýerleşdirmek üçin orbita düzümini döretmegi meýilleşdirýär. Blue Origin munuň hasaplama çykdajylaryny azalmagyna kömek etjekdigini aýdýar. Emma, muňa garamazdan, NASA bu taslamany älem gurşawy we adamly uçuşlar üçin çynlakaý howp hasaplaýar.

FCC-ä ýollan ýüzlenmesinde agentlik meýilleşdirilýän orbitalaryň adamly missiýalaryň ýollary we ylmy obýektleriň traýektoriýalary bilen kesişýändigini görkezdi. Aýratyn hem, hemralaryň iş möhleti gutarandan soň, olary orbitadan çykarmagyň takyk usullarynyň ýoklugy uly biynjalyklyk döretdi. NASA-nyň pikiriçe, bu ýagdaý kosmos galyndylarynyň möçberiniň artmagyna getirip biler.

Şeýle hem edara Blue Origin-iň uçuş bazarynyň mümkinçilikleri we hemra toparynyň ýerleşdiriliş ölçegleri baradaky hasaplamalaryny tankytlady. Deňeşdirmek üçin NASA, mundan ozal SpaceX kompaniýasynyň töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen 9300-den gowrak «Starlink» hemrasynyň orbitasyny 500 kilometrden aşak düşürmäge razy bolandygyny ýatlatdy.

Gyzykly ýeri, öň Jeff Bezosyň Amazon kompaniýasyna degişli bolan «Amazon Leo» bölümi SpaceX-iň hemra taslamalaryny «peýdakeşlik» we «amala aşyrylmasyz» diýip tankytlapdy. Indi bolsa Blue Origin-iň özi şuna meňzeş aýplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Şol bir wagtyň özünde, NASA kompaniýanyň hemralaryň astronom gözleglere ýetirýän täsirini azaltmak boýunça çäreleri göz öňünde tutandygyny belledi. Agentlik taslamany kämilleşdirmek üçin Blue Origin bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Arza boýunça gutarnykly çözgüdi FCC kabul etmeli bolar.


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......