SpaceX 2027-nji ýyla çenli Starship raketasynyň ilkinji täjirçilik uçuşyny taýýarlaýar

  • 05.03.2026 13:26
  • 1.9k+

Amerikanyň SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli kämilleşdirilen Starlink internet hemralaryny orbita çykarmak üçin täze Starship göteriji raketasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Financial Times» neşiri kompaniýanyň Starlink boýunça uly wise-prezidenti Maýkl Nikollsa salgylanyp habar berýär.

Häzirki wagta çenli SpaceX kompaniýasy Starship raketasynyň 11 synag uçuşyny geçirdi. Kompaniýanyň prezidenti Gwinn Şotwelliň aýtmagyna görä, indiki, ýagny 12-nji uçuş ýakyn dört-alty hepdäniň içinde amala aşyrylyp bilner.
Mundan öňki uçuş oktýabr aýynda bolupdy. Ol bir sagatdan gowrak dowam etdi we üstünlikli tamamlandy.
Starship raketasynyň doly derejede köp gezeklik bolmagyna we orbita 250 tonna çenli peýdaly ýüki çykaryp bilmegine garaşylýar. Uçuşlaryň bahasy boýunça ol häzirki wagtda ulanylýan Falcon raketalaryna garanyňda has bähbitli bolup biler.
Raketanyň işlenip düzülmegi Ilon Maskyň NASA bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de geljekde Aýa we Marsa uçuşlary amala aşyrmak baradaky meýilnamalary üçin uly ähmiýete eýedir.
«Soňky wagtlar Ilon Aý barada köp agzady, ýöne onuň hakyky niýeti — Marsdyr. Geliň, olary deň derejeli ileri tutulýan ugurlar diýip atlandyralyň» – diýip, Şotwell Barselonadaky «Mobile World Congress» sergisinde belledi.
Starship raketasynyň täjirçilik debýutyna maýadarlar tarapyndan uly üns berilmegine garaşylýar. Şu ýyl SpaceX IPO-ny (paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegi) geçirmegi göz öňünde tutýar, şunda kompaniýanyň bahasy 1,5 trillion dollar diýlip bahalandyrylyp bilner.


düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
4.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......