Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

  • 31.01.2026 14:33
  • 7.7k+

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär.
Agentligiň maglumatlaryna görä, raketa öndürijisi xAI kompaniýasy bilen birleşmek mümkinçiligine seredýär. Ýagdaýdan habarly çeşmäniň we düzgünleşdiriji edaralara hödürlenen iki sany resminamanyň görkezmegine görä, şertnama baglaşylan ýagdaýynda SpaceX raketalary, Starlink hemra ulgamy, X sosial ulgamy we Grok çat-boty bir düzümiň astynda jemlenip biler. Şertnamanyň bahasy, bolup biljek möhletleri we onuň esasy sebäpleri mälim edilmeýär.
Munuň bilen bir hatarda, SpaceX Maskyň eýeçiligindäki elektromobil öndürijisi Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini hem öwrenýär.
Deepwater Asset Management maýadar kompaniýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy we Tesla-nyň paýdary Jin Münster: «Meniň pikirimçe, xAI-iň ahyrynda şu iki tarapyň biriniň eline geçmegi örän ähtimaldyr» diýip belledi.
Polymarket seljeriş merkeziniň hasabyna görä, ýylyň ortasyna çenli SpaceX bilen xAI-iň birleşmek ähtimallygy 48%-e, Tesla bilen xAI-iň birleşmek ähtimallygy bolsa 16%-e deň. Mask, SpaceX, xAI we Tesla tarapyndan bu barada resmi teswir berilmedi. Birža daşyndaky söwdalarda Tesla-nyň paýnamalary 3% ýokarlandy.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

15.06.2026 19:06
1.2k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......