Maksat – çaknyşmazlyk: Starlink hemralary tas her sagat çaknyşykdan gaçyp-gutulmaly bolýar

  • 24.01.2026 18:52
  • 6.8k+

SpaceX-iň ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna berlen hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň iýun aýyndan noýabr aýyna çenli Starlink hemralary beýleki kosmos gämileri we galyndylary bilen çaknyşyklardan gaça durmak üçin 148,696 gezek aýlawly hereket etmäge mejbur boldular.
Şeýlelikde, hemralar ortaça her sagatda öz traýektoriýalaryny üýtgetmeli boldular. Kompaniýanyň operatorlarynyň işi, wideo oýundaky kosmos gämisini çaknyşyklardan goramak üçin yzygiderli hereketlendirmeli bolýan oýunçynyň bolşuny ýatladýar. Bu hereketleriň ýygylygy pes Ýer orbitasynda howplaryň artyş derejesini görkezýär.
South China Morning Post howpuň uly böleginiň Hytaýdan gelip çykan obýektler bilen baglanyşyklydygyny habar berýär. SpaceX-i has-da Hongqing Technology kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen  Honghui-2 hemrasy alada goýýar. Alty aýyň dowamynda diňe şu apparatyň özi Starlink hemralaryny 1,143 gezek goranmak üçin aýlawly hereket etmäge mejbur etdi.
Hasabatda şeýle hem orbitadaky obýektleriň dykyzlygynyň artmagyny dowam etdirýändigi bellenilýär. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Ýeriň pes orbitasynda, takmynan 9500 Starlink hemrasy bardy we bu san artmagyny dowam etdirýär.


düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......