SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna garaşylýar.
Paýnamalary ýerleşdirmek işini guramaçy hökmünde Goldman Sachs banky çykyş edýär. SpaceX kompaniýasynyň 2026-njy ýylyň fewral aýynda xAI emeli aň startapy bilen birleşmeginden soň, kompaniýanyň umumy gymmaty 1,25 trillion dollar diýlip bahalandyrylypdy.
Çaklamalara görä, Maskyň SpaceX-däki gözegçilik bukjasynyň bahasy 600 milliard dollardan geçip biler. Ol eýýäm 2025-nji ýylda şahsy baýlygy 500 milliard dollardan geçen dünýäniň ilkinji adamy bolupdy. Göz öňünde tutulýan IPO bolsa onuň umumy baýlygyny bir trillion dollara ýakynlaşdyryp biler.
SpaceX emeli aň we ýokary tehnologiýalar pudagynda 2026-njy ýylda birža çykmagyna garaşylýan iň iri kompaniýalaryň ilkinjisi boldy. Munuň bilen bir wagtyň özünde OpenAI we Anthropic (Claude çat-botuny dörediji) kompaniýalary hem birža çykmaga taýýarlyk görýär.
Mundan birnäçe gün ozal Mask OpenAI kompaniýasyna we onuň ýolbaşçysy Sem Altmana garşy kazyýet işinde utulypdy. SpaceX-iň esaslandyryjysy Altmany aldawçylykda aýyplady, sebäbi Mask OpenAI-a millionlarça dollar maýa goýandan soň, Altman kompaniýany täjirçilik statusyna geçiripdi.