Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 28 million ABŞ dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy

  • 20.04.2026 22:07
  • 2.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 18 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär.

Daşary ýurtly işewürler, hususan-da, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Hindistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri daşary ýurt puluna tehniki kükürt kislotasyny, binýatlyk ýagy, dürli görnüşli nah matalary, buýan köküniň ekstraktyny, bugdaý ununy we beýleki dokma önümlerini satyn aldy. Bu geleşikleriň jemi bahasy 28 million 74 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Şonuň bilen birlikde, ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 20 million 955 müň manada deň bolan pagta süýümini, çig ýüpegi we nah ýüplügini satyn aldy.


şu gün 18:11
763

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......