Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 13 mln dollardan geçdi

  • 18.05.2026 21:15
  • 1.5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 19 sany geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewürleri «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň tehnologik desgalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kükürtsizleşdirilen dizel fraksiýasyny satyn aldy.

Mundan başga-da, Gonkongyň, Özbegistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlaryny, pagta ýagynyň galyndysyndaky ýag kislotalaryny, buýan köküniň gury ekstraktyny, çig ýüpegi we pagta ýüplügini satyn aldy.

Içki bazarda türkmen telekeçileri binýatlyk ýagy, çig matany, arassalanan pagta ýagyny we bugdaý ununy satyn aldy. Milli pulda geçirilen geleşikleriň umumy möçberi 118 million 350 müň manada barabar boldy.


şu gün 15:48
1.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 11:05
4.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......