Tehasyň ýaşaýjylary raketalaryň sesi zerarly SpaceX-iň üstünden arz etdiler

  • 05.05.2026 23:24
  • 3.4k+

Tehas ştatynyň ýaşaýjylary raketalaryň synag uçuşlary mahalynda emele gelýän güýçli ses tolkunlarynyň öýlerine zeper ýetirýändigini aýdyp, SpaceX kompaniýasynyň üstünden arz etdiler. Bu barada Texas Tribune neşiri habar berýär.

Tehasyň Günorta okrugynyň kazyýetine 80 adamyň bilelikde ýazan arzasy gelip gowuşdy. Olar soňky iki ýylyň dowamynda geçirilen synaglaryň öýleriniň süňňüne zeper ýetirendigi sebäpli nägilelik bildirýärler.

Arzanyň içinde Laguna-Wista, Port-Izabel we Saut-Padre-Aýlend ýaly ilatly nokatlardaky 53 sany jaý agzalýar. Ýaşaýjylaryň pikiriçe, 2023-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň oktýabryna çenli geçirilen 11 sany synag uçuşy mülk hukuklarynyň bozulmagyna we kompaniýanyň biperwaýlygyna şaýatlyk edýär.

Beýikligi 120 metre ýetýän äpet Starship raketalarynyň uçuşlary örän güýçli goh we ses tolkunlary bilen utgaşýar. Hatda 2023-nji ýyldaky ilkinji synag uçuşynda uçuş meýdançasy şeýlebir sarsdy welin, onuň bölekleri 1,2 kilometr töwerege pytrady. Ýaşaýjylar ses tolkunlarynyň soňlugy bilen diwarlary çatl açdyryp, penjireleri we üçekleri sandan çykaryp biljekdigini aýdýarlar. Olar kazyýet tarapyndan zyýanyň öweziniň dolunmagyny we aklawçylyk çykdajylarynyň tölenmegini talap edýärler.

ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdiriýeti SpaceX-e uçuşlaryň sanyny ýylda 25-e çenli köpeltmäge rugsat beripdi. Häzirki wagtda Tehasyň Ýokary kazyýeti uçuşlar mahalynda Boka-Çika köpçülik plýažyna barýan ýollaryň ýapylmagynyň kanunydygyny ýa-da däldigini anyklaýar. Ekologlar blen ýerli halk bolsa, bu ýagdaý adamlaryň kenarda erkin gezmek hukugyny bozýar diýup hasap edýärler.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 17:42
6.2k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......