SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy.
Indi täze müşderiler ýazylyşyk resmileşdirenlerinde standart enjamlar toplumy üçin aýda goşmaça 10 dollar tölemeli bolarlar. Hukuk taýdan bu pul kärende hökmünde resmileşdirilýär: «tabak» kompaniýanyň eýeçiliginde galýar we şertnama ýatyrylan halatynda, ulanyjy ähli enjamlary SpaceX-e yzyna gaýtarmaga borçludyr. Ozal köp sebitlerde bu toplum hyzmat işjeňleşdirilen wagty mugt berilýärdi.
Üýtgeşmeler «Residential Max» atly ýokary derejeli tarife-de täsir etdi. Bu tarifi ulanyjylar «Starlink Mini» göçme hemra tolkunlaryny mugt almak hukugyny ýitirdiler. Şoňa görä, indi ony aýratynlykda doly bahasyna satyn almaly bolar.
Täze düzgün hem ABŞ-nyň, hem-de halkara bazarlaryna degişlidir. Starlink-iň ulanyjy bazasynyň eýýäm 12 million adamdan geçendigini göz öňünde tutsaň, kärende tölegi kompaniýa ep-esli girdeji getirer.
Seljerijiler nyrh syýasatynyň üýtgedilmegini enjamlaryň täzelenmegi bilen baglanyşdyrýarlar:
«Starlink Standard Gen 4»: Standart terminalyň täze nesli çykarylmaga taýýarlanylýar. Olar has ykjam bolar we geljekde uçuryljak «Starlink V3» hemra toparynyň hasabyna internetiň tizligini artdyrar.
Täze «Starlink Mini»: Göçme tolkunyň indiki goýebrilişinde öňünden berlen maglumatlara görä, içine goýlan batareýa, «USB-C» porty arkaly zarýad bermek mümkinçiligi we hereket wagtynda işlemegi üçin has gowy häsiýetnamalar bolar.