Mask Starlink-iň wagtyň geçmegi bilen öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň ornuny eýelejekdigini aýtdy

  • 14.09.2025 20:25
  • 6.3k+

SpaceX ýakynda EchoStar amerikan aragatnaşyk operatoryndan 17 mlrd dollara 50 MGs diapazondaky ýygylyklary satyn aldy. Bu şertnama teswir bermek bilen, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask wagtyň geçmegi bilen Starlink-iň ähli adaty operatorlaryň ornuny eýeläp biljekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Starlink öý internetini we ykjam aragatnaşygy birleşdirip, öýde we Wi-Fi zolaklaryndan daşary ählumumy birikmäni hödürläp bilýär. Mask ýakyn geljekde Starlink-iň AT&T, T-Mobile we Verizon ýaly kompaniýalary bazardan çykaryp bilmejekdigini, çünki olaryň ygtyýarynda jaňlar, habarlar we wideolar üçin has köp ýygylygyň bardygyny belledi. Verizon-y satyn almak mümkinçiligi baradaky soraga jogap bermek bilen, ol şeýle ähtimallygyň bolup biljekdigini aýtdy.
Milliarder satyn alnan ýygylyklaryň Starlink hemralary üçin ulanyljakdygyny belledi. Häzirki günde SpaceX-iň 8140 hemrasyndan 657-si ykjam gurluşlara gönüden-göni birikmegi goldaýar, galanlary adaty internet hyzmatlaryny üpjün edýär.

“Bu uzak möhletli taslama. Ol SpaceX-e hemralaryň gönüden-göni telefonlar bilen ýokary tizlikli birikmesini üpjün etmäge kömek eder. Ýöne telefonlaryň enjam bölegine käbir üýtgeşmeleri girizmeli” – diýip, Mask aýtdy.

Täze ýygylyklary ulanmak üçin ykjam gurluşlarda ýörite çipler gerek bolar, olary döretmek üçin bolsa iki ýyl töweregi wagt sarp ediler.
Ozal, iýulda SpaceX kompaniýasy T-Mobile bilen bilelikde T-Satellite hyzmatyny işe girizdi. Ol abonentlere ýerüsti ulgamyň ýok ýerinde Starlink hemralaryna birikmäge mümkinçilik berýär. Häzir ulanyjylar SMS iberip bilýär, ýöne oktýabrdan başlap AccuWeather we AllTrails hyzmatlarynyň, WhatsApp messenjeriniň we X sosial ulgamynyň goldawy elýeterli bolar. 


01.04.2026 15:29
790

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...