Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

  • 11.03.2026 20:11
  • 10k+

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi.

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi. Fewral aýynyň başynda SpaceX kompaniýasynyň telekeçiniň xAI emeli aň startapy bilen birleşmeginden soň, Mask baýlygy 800 milliard dollardan geçen dünýäde ilkinji adam boldy.

Sanawda ikinji orny 257 milliard dollar bilen Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj eýeleýär. Şeýlelikde, Maskyň ondan aratapawudy 500 milliard dollardan hem gowrakdyr. Üçünji orny bolsa 237 milliard dollar baýlygy bilen Google-yň ýene bir esaslandyryjysy Sergeý Brin eýeledi.

Olaryň yzyndan Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos (224 milliard dollar) gelýär, ilkinji bäşligi bolsa 222 milliard dollar bilen Meta kompaniýasynyň eýesi Mark Sukerberg jemleýär.

«Geçen ýylyň dowamynda ilatyň maddy hal-ýagdaýy görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy, sebäbi baýlar haýran galdyryjy tizlik bilen has-da baýamagyny dowam edýär. Bu ýylky sanawda 3428 sany milliarder bar, bu bolsa geçen ýylkydan 400 adam köpdür we 1987-nji ýylda sanaw döredilenden bäri iň ýokary görkezijidir» – diýlip, makalada bellenilýär.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň umumy baýlygy bir ýyl öňki 16,1 trillion dollar bilen deňeşdirilende, rekord derejä — 20,1 trillion dollara ýetdi. Sanawyň ilkinji onlugynyň umumy baýlygy 2,6 trillion dollar diýlip hasaplanýar. Mundan başga-da, baýlygy 100 milliard dollardan geçýän adamlaryň sany hem rekord derejä — 20-ä ýetdi.

Şu ýyl «Forbesiň» milliarderler sanawyna 390 sany täze adam goşuldy, olaryň arasynda Maskyň dogany Kimbal, repçi we prodýuser Dr.Dre (asyl ady Andre Ýang), aýdymçy Beýonse Noulz-Karter we tennisçi Rojer Federer bar. Sanawdan 89 adam, şol sanda NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman çykaryldy.


düýn 15:29
589

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

19.03.2026 13:52
8.1k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.8k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

13.03.2026 17:17
1.3k+

Dünýäniň sungat bazary iki ýyllyk pese gaçyşdan soň ýene-de ösüş görkezdi

Art Basel we UBS tarapyndan hödürlenen täze hasabata görä, 2025-nji ýylda dünýäde sungat predmetleriniň satuw möçberi 4% ýokarlanyp, 59,6 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa satuwlaryň iki ýyllap pese gaçmagyndan soň, bazaryň aram ýagdaýda dikelendiginiň alamatydyr...