Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

  • 01.04.2026 15:29
  • 915

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek üçin (eger täze mazmun goşulmasa) ulanyp bilerler.

Şeýle-de, makalalary bir dilden başga dile terjime etmek üçin dil modellerinden peýdalanmaga rugsat berilýär. Ýöne, şeýle ediläýende-de, barybir ähli terjimeler awtor tarapyndan hökmany suratda barlanylmalydyr.

Bu karar emeli aň tarapyndan döredilen tekstleriň platformanyň birnäçe esasy kadalaryny bozýandygy bilen düşündirilýär. Ýatladyp geçsek, mundan ozal Ilon Mask «Wikipedia-nyň» işini tankyt edipdi we 2025-nji ýylyň oktýabrynda Grokipedia taslamasyny işe girizipdi. Ol ýerde bolsa makalalar Grok emeli aň modeli arkaly döredilýär we redaktirlenýär.

2026-njy ýylyň başyndaky maglumatlarda Grokipedia-da 6 million makala bardygy bellenipdi (iňlis dilli Wikipedia-da bolsa 7,1 million). Şol bir wagtyň özünde, Grokipedia makalalardaky gyýtak syýasy garaýyşlar we dildüwşük äheňli pikirler sebäpli yzygiderli tankyt edilýär.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......