Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

  • şu gün 15:49
  • 1.4k+

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy.

Aktýoryň üstünligi iki sany iri taslama bilen baglanyşyklydyr. Bularyň biri, Sendleriň diňe bir aktýor däl, eýsem prodýuser hökmünde-de çykyş eden "Bagtly Gilmor-2" (Happy Gilmore 2) atly sport komediýasynyň dowamy, ikinjisi bolsa Netflix-iň "Jeý Kelli" (Jay Kelly) filmidir. Bu filmde onuň surata düşüriş meýdançasyndaky hyzmatdaşy Jorž Kluni boldy.

Ikinji orny 46 million dollar girdeji bilen Tom Kruz eýeledi. Onuň girdejisinde "Amala aşyryp bolmajak wezipeler: Gutarnykly hasaplaşyk" (Mission: Impossible – The Final Reckoning) filmi uly rol oýnady.

Iň köp gazanan ilkinji bäşlik:

  • Adam Sendler — 48 mln dollar;
  • Tom Kruz — 46 mln dollar;
  • Mark Wolberg — 44 mln dollar;
  • Skarlatt Ýohansson — 43 mln dollar;
  • Bred Pitt — 41 mln dollar.

Reýtingiň onunjy ornuna 22 ýaşly Milli Bobbi Braun eýe boldy. «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialy arkaly tanalýan aktrisa 26 million dollar gazanyp, sanawyň taryhyndaky iň ýaş gatnaşyjy boldy.

Onluga giren beýleki ýyldyzlar:

  • Denzel Waşington — 38 mln dollar;
  • Jek Blek we Jeýson Momoa — her biri 28 mln dollar;
  • Deniel Kreýg — 27 mln dollar.

12.03.2026 16:43
4.6k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar...

11.03.2026 20:11
9.7k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

01.01.2026 19:03
8.2k+

Beýonse dollar milliarderleriniň sanawyna goşuldy

Amerikaly aýdymçy Beýonse Noulz-Karter dollar milliarderi boldy. Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, ol baýlygy bir milliard dollardan geçen bäşinji sazanda boldy. Ozal bu sanawa onuň adamsy – repçi Jay-Z, aýdymçylar Teýlor Swift we Rianna, şeýle-de Brýus Springstin girýärdi...

17.12.2025 10:58
4.4k+

Režissýor Jeýms Kemeron dollar milliarderine öwrüldi

Forbes neşiri amerikaly režissýor Jeýms Kemerony resmi taýdan milliarder hökmünde ykrar etdi we onuň şahsy baýlygyny 1,1 milliard dollar möçberinde hasaplady. 1980-nji ýyllarda "Terminator" we "Gelmişekler" (Aliens) filmleri bilen karýerasyna başlan Kemeronyň döreden eserleri dünýäniň kassa ýygymynda jemi 9 milliard dollar toplady...