Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

  • 12.03.2026 16:43
  • 4.8k+

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.

Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.

Spilberg 79 ýaşynda. Ol dünýä kinosynyň taryhynda täjirçilik taýdan iň üstünlikli režissýor hasaplanýar. Girdejileriniň esasy bölegini oňa «Dişler» (Челюсти), «Ýura eýýamynyň seýilgähi» (Парк Юрского периода), «Indiana Jons» filmleri we beýleki taslamalary getirdi. Mundan başga-da, ol DreamWorks kinostudiýasynyň esaslandyryjylarynyň biridir.

Spilberg «Forbesiň» sanawyna ilkinji gezek 1994-nji ýylda girdi we şondan bäri ondan çykman gelýär. 2024-nji ýylda onuň baýlygy 5,3 milliard dollar diýlip hasaplandy.

Reýtingde ikinji orny «Ýyldyz söweşleri» (Звёздные войны) franşizasynyň awtory, 81 ýaşly režissýor Jorj Lukas eýeledi. Onuň kapitaly 5,2 milliard dollara deňdir.

Üçünji orunda bolsa 4,3 milliard dollar baýlygy bilen öňki basketbolçy Maýkl Jordan durýar.

Şeýle-de, iň baý 20 meşhur şahsyýetiň hataryna Winsent Makmen, Opra Winfri, Jay-Z, Teýlor Swift, Kim Kardaşýan, Piter Jekson, Mejik Jonson, Taýger Wuds we prodýuser Dik Wulf dagy girdi.


19.03.2026 13:52
8.1k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.8k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

01.01.2026 19:03
8.2k+

Beýonse dollar milliarderleriniň sanawyna goşuldy

Amerikaly aýdymçy Beýonse Noulz-Karter dollar milliarderi boldy. Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, ol baýlygy bir milliard dollardan geçen bäşinji sazanda boldy. Ozal bu sanawa onuň adamsy – repçi Jay-Z, aýdymçylar Teýlor Swift we Rianna, şeýle-de Brýus Springstin girýärdi...