Beýonse dollar milliarderleriniň sanawyna goşuldy

  • 01.01.2026 19:03
  • 8.2k+

Amerikaly aýdymçy Beýonse Noulz-Karter dollar milliarderi boldy. Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, ol baýlygy bir milliard dollardan geçen bäşinji sazanda boldy.

Ozal bu sanawa onuň adamsy – repçi Jay-Z, aýdymçylar Teýlor Swift we Rianna, şeýle-de Brýus Springstin girýärdi. Umuman, Forbes-iň milliarderler reýtinginde güýmenje-dynç alyş pudagynyň 22 wekili bar.
Beýonse girdejisiniň esli bölegini gastrollar arkaly gazandy. 2023-nji ýylda Renaissance albomynyň goldawyna geçirilen konsert syýahaty tas 600 mln dollar ýygnady. Cowboy Carter albomy bilen 2025-nji ýyldaky syýahat hem oňa petek satuwyndan 400 mln dollardan gowrak girdeji, şeýle-de konsertlerde ýadygärlik sowgatlyklarynyň satuwyndan, takmynan, 50 mln dollar getirdi.
Aýdymçynyň biznes taslamalary: saçlara ideg etmek boýunça Cécred brendi, SirDavis markasy we 2024-nji ýylda işini bes eden Ivy Park egin-eşik hatary hem goşmaça girdejileri üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, Beýonseniň baýlygynyň esasy bölegi aýdym-saz işi bilen baglanyşyklydyr.
Beýonse dünýäde iň köp gyzyklanma bildirilýän aýdymçylaryň hataryna girýär we «Gremmi» baýragynyň taryhynda iň köp baýrak alan artist hasaplanýar. Onuň 35 baýragy bar. 2024-nji ýylda ol Cowboy Carter albomy üçin «Iň gowy albom» kategoriýasynda ilkinji gezek «Gremmi» aldy.


19.03.2026 13:52
8.1k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.8k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

12.03.2026 16:43
4.8k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar...

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...