Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

  • 20.02.2026 11:25
  • 2.5k+

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy. 

Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi. Humain-iň bu şertnamanyň netijesinde xAI-iň «ähmiýetli minoritar paýdaryna» öwrülendigi belleýär. Bloomberg-iň çykaran bahalandyrmalaryna görä bolsa, onuň SpaceX-iň paýnamalaryna öwrülen aktiwleri birleşen täze 1,25 trillion dollarlyk bahaly kompaniýada 0,24% paýy emele getirýär.
Bu söwda ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek we nebitden garaşlylygy azaltmak üçin emeli aňy esasy merkeze goýan Saud Arabystany bilen Maskyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkidýär. Humain kompaniýasy 2025-nji ýylda ýurduň 1 trillion dollar aktiwli Döwlet maýa goýum fondunyň (PIF) goldawy bilen döredildi. Ol emeli aň modellerini okatmak we işe girizmek üçin zerur bolan infrastruktura hem-de hasaplama kuwwatlyklaryny döretmek ugrunda işjeň söwdalary alyp barýar. Şeýle hyzmatdaşlyk X sosial ulgamyny we Grok çat-botuny dolandyrýan xAI kompaniýasyny taýýar iri müşderi bilen hem üpjün edýär.
Şu wagta çenli xAI-iň iň iri müşderileri Maskyň özüne degişli bolan SpaceX we Tesla Inc. kompaniýalarydy. Emma 2025-nji ýylyň ortalaryndan başlap, startap Pentagon we ABŞ-nyň beýleki hökümet düzümleri bilen şertnamalary baglaşandygyny-da yglan etdi. Şeýle-de, Grok ulgamyny ýurduň bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça Salwador bilen ylalaşyk gazanyldy.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Humain we xAI Saud Arabystanynda 500 megawat kuwwatyndaky maglumat merkezini gurmak hem-de ýurtda Grok modellerini ornaşdyrmak meýilnamalaryny mälim etdiler. Kompaniýa çap eden beýanatynda: «Bu başlangyçlar bilelikde uzak möhletleýin özara düşünişmek maksadyny berkidýär we Humain-iň ornuny strategik hyzmatdaşdan xAI-iň ägirt öňdebaryjy paýdary derejesine ýetirýär» diýip belledi.

 


19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 17:42
6.3k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

05.05.2026 23:24
3.5k+

Tehasyň ýaşaýjylary raketalaryň sesi zerarly SpaceX-iň üstünden arz etdiler

Tehas ştatynyň ýaşaýjylary raketalaryň synag uçuşlary mahalynda emele gelýän güýçli ses tolkunlarynyň öýlerine zeper ýetirýändigini aýdyp, SpaceX kompaniýasynyň üstünden arz etdiler. Bu barada Texas Tribune......

22.04.2026 15:42
10k+

Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi

Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy......