Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi

  • düýn 15:42
  • 5.9k+

Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy bolan adamlara rugsat berilýär.

Şähere girmäge diňe Mekgede ýaşaýandygy barada resminamalary bolan şahslara, haj parzyny berjaý etmek üçin resmi rugsatnamasy bar bolanlara, şeýle hem Tasrih, Absher Afrad we Bawaba Muqim platformalary arkaly berlen işlemek üçin ýörite elektron rugsatnamalary bolan işgärlere rugsat berilýär.

18-nji aprelden başlap, gönüden-göni haj üçin niýetlenen wizalardan başga, wizalaryň ähli görnüşine eýe bolan şahslar üçin Mekgä girmek we onda bolmak doly gadagan edildi. Şol bir wagtda — 18-nji aprelden 31-nji maý aralygynda — umra (kiçi haj) zyýaratyny amala aşyrmak üçin rugsatnamalary bermek wagtlaýyn togtadylýar. Şäherde umra wizasy bilen bolan zyýaratçylar görkezilen möhlete çenli Mekgeden çykmaga borçly edildi.

Haj möwsüminde bellenen talaplaryň bozulandygy üçin berk çäreler göz öňünde tutuldy. Düzgünleri bozan ýa-da olaryň bozulmagyna ýardam eden şahslara 20 müň saud rialyna çenli (takmynan, 5,5 müň dollar) jerime salnyp bilner.

18-nji aprel — 31-nji maý aralygynda rugsat berilmedik zyýaratçylary bikanun gatnatmak, gizlemek ýa-da ýardam bermek üçin 100 müň saud rialyna çenli (takmynan, 26,5 müň dollar) jerime bellenildi.

Pul jerimelerinden başga-da, düzgün bozanlara Patyşalykdan deportasiýa edilmek we 10 ýyl möhlet bilen ýurda girmegi gadagan etmek garaşýar, bikanun gatnawlarda ulanylan ulag serişdeleri bolsa döwlet haýryna geçiriler.


20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...