Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

  • 20.03.2026 11:19
  • 11k+

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär.

Stadion süýşürilýän üçek we meýdança bilen enjamlaşdyrylar. Binanyň bir tarapy sport çärelerini, filmleri we lazer şüweleňlerini görkezmek üçin niýetlenen uly süýşürilýän LED diwardan ybaratdyr. Ol açylanda, tomaşaçylara meýdançanyň daş-töweregini we toplumyň gurulýan ýeri bolan 200 metrlik Tuwaýk gaýasyny synlamaga mümkinçilik berer.

Populous binagärlik býurosy bu arenany FIFA-nyň talaplaryna laýyklykda 45 000 orunlyk edip taslady. Bu dünýäde utgaşdyrylan üçekli, meýdançaly we LED diwarly ilkinji toplum bolar, bu bolsa meýdançany dürli çäreler üçin çalt uýgunlaşdyrmaga şert döreder.

Binanyň daşky ýüzleri sanly ekranlar bilen örtüler. Stadionyň töwereginde sport we dynç alyş-göwün açyş zolaklary bolan diňler gurlar, olar özara içerki köçeler we gaýanyň gyrasyndaky syn ediş meýdançalary bilen birleşdiriler.

Stadion «Al-Hilýal» we «Al-Nasr» klublarynyň öý meýdançasy bolar, şeýle hem bu ýerde boks, kiber-sport ýaryşlary, konsertler we teatr oýunlary geçiriler. Gurluşyk Er-Riýadyň günbatarynda alnyp barylýar. Kiddiýa syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen 14 sany ägirt taslamanyň hataryna girýär we bu toplum dolulygyna Jemgyýetçilik maýa goýum gaznasyna degişlidir.


düýn 16:29
3.2k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.2k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......