SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

  • 02.04.2026 21:00
  • 3.1k+

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan Bloomberg habar berýär.

Agentligiň berýän maglumatyna görä, sanawa (kompaniýanyň paýnamalaryny birža söwdasyna goýbermek üçin biržanyň açyk söwda edilýän paýnamalarynyň sanawyna goşmak) goşmak iýun aýynda geçiriler. Paýnamalaryň anyk sanyny we baha aralygyny biraz soňrak mälim edilmek meýilleşdirilýär.

Çeşmeleriň biri kompaniýanyň IPO wagtynda 1,75 trillion dollardan gowrak gymmata eýe bolup biljekdigini, jemi toplanan serişdeleriň bolsa 75 milliard dollara ýetmeginiň mümkindigini aýtdy. Eger bu çaklama tassyk bolsa, teklip taryhdaky iň uly teklip bolar.

Öňki rekord 2019-njy ýylda 29 milliard dollar toplan Saudi Aramco kompaniýasyna degişlidi.

SpaceX kompaniýasynyň wekili bu maglumata düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.

SpaceX kosmos tehnikasyny öndürmek we Starlink hemra aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek bilen meşgullanýan amerikan aerokosmos kompaniýasydyr. 2026-njy ýylyň fewral aýynda ol Ilon Maskyň X sosial ulgamyny öz içine alýan emeli aň startapy xAI-ny satyn aldy. Şonda birikdirilen kompaniýanyň bahasy 1,25 trillion dollara deň boldy.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

31.05.2026 00:31
2.2k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....