ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

  • şu gün 00:31
  • 203

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan aragatnaşyk hemralarynyň işini çäklendirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada The Wall Street Journal, şeýle hem Reuters habar berýär.

Hemra ýygylyklarynyň takmynan üçden bir bölegi goranyş we howpsuzlyk meseleleri ýaly ýapyk döwlet aragatnaşygy üçin ätiýaçlandyrylar. Bu ulgama 290 sany emeli hemrany birleşdirjek Ýewropanyň IRIS² ulgamy hem-de ýewropaly operatorlar hyzmat eder.

Galan iki bölek täjirçilik maksatlary üçin ulanylar. Bu ýygylyklaryň ýarysy diňe ÝB ýurtlarynyň kompaniýalaryna berler, galan ýarysy ugrunda bolsa ýewropaly hem-de daşary ýurtly, şol sanda amerikan kompaniýalary bäsleşip bilerler.

«Starlink» we beýleki daşary ýurt operatorlary Ýewropada öz işini dowam etdirmek üçin hökman täze rugsatnama almaly bolarlar. Geljekde bu ulgama Britaniýanyň we Norwegiýanyň kompaniýalarynyň hem goşulmagyna rugsat berilmegi mümkin.

Täze düzgünler 2027-nji ýylyň maý aýynyň yzysüre, ýagny amerikan kompaniýalary Viasat we EchoStar-yň hereket edýän rugsatnamalarynyň möhleti tamamlanandan soň güýje girer. Olar üçin ýene iki ýyllyk wagtlaýyn geçiş döwri hem göz öňünde tutular.

Bu ädimiň esasy sebäpleri hökmünde ABŞ bilen transatlantik gatnaşyklaryň durnuksyzlygyny we ÝB-niň öz tehnologik garaşsyzlygyny berkitmek islegini görkezmek bolar. Şeýle-de oňa Hytaýyň tehnologiýa dünýäsindäki täsiriniň artmagyndan edilýän ätiýaç we Amerikanyň ägirt uly tehnologiýa kompaniýalarynyň bazardaky hökmürowanlygyny azaltmak synanyşygy-da girýär.


22.05.2026 08:14
3.1k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

24.04.2026 15:00
5.1k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

18.04.2026 16:22
4.4k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......