Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

  • 18.04.2026 16:22
  • 4.4k+

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär.

Gürrüň awtoulagyň garaşsyz hereket etmegine mümkinçilik berýän, ýöne rulda sürüjiniň bolmagyny talap edýän Full Self-Driving Supervised ulgamy barada barýar.

Rugsatnama gara ýollara-da we şäher köçelerine-de degişlidir.

Bu tassyklama RDW milli düzgünleşdiriji edara tarapyndan geçirilen bir ýarym ýyldan gowrak synagdan soň berildi. Agentlik ulgam dogry ulanylan halatynda onuň ýol howpsuzlygyny ýokarlandyryp biljekdigini belledi. Şeýle hem, düzgünleşdiriji edara bu tehnologiýanyň tutuş Ýewropa Bileleşiginde tassyklanmagyny gazanmak isleýär.

Awtonom sürüjiligi ösdürmek Tesla üçin esasy ugur bolmagynda galýar. Kompaniýa geljekki girdeji çeşmeleri hökmünde emeli aň bilen işleýän ulgamlara we robotaksilere pul goýýar.

Çeşmäniň maglumatyna görä, awtopilotyň girizilmegi soňky döwürde satuwy pese gaçýan Ýewropada Tesla awtoulaglaryna bolan islegi güýçlendirip biler. Hususan-da, Norwegiýada olar ýylyň başynda tas 90% diýen ýaly pese gaçdy. Fransiýada, Portugaliýada, Belgiýada we Niderlandlarda hem pese gaçmalar boldy.


12.06.2026 06:42
6.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

31.05.2026 00:31
2.2k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

24.04.2026 15:00
5.1k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

12.03.2026 13:43
2.7k+

Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner

Hytaýyň Kommersiýa ministrligi Niderlandlarda ýerleşýän Nexperia kompaniýasynyň baş edarasy tarapyndan edilýän hereketleriň gepleşikler üçin täze päsgelçilikleri döredýändigini mälim etdi. Mundan ozal, kompaniýa Hytaýdaky işgärleriniň korporatiw hasaplaryny ýapypdy...