2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

  • 24.04.2026 15:00
  • 5.1k+

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda tassyklanan bu çäre elektron galyndylaryny düýpli azaltmaga we göçme tehnikalary abatlamagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

​Düzgünnama laýyklykda, enjamlaryň gurluşy ulanyjylara hünärmenleriň kömegine ýa-da çylşyrymly gurallara mätäç bolmazdan, batareýany özbaşdak çykarmaga we çalşyrmaga mümkinçilik bermelidir.

​Öndürijiler belli bir modeliň öndürilişi bes edilenden soň hem, bäş ýylyň dowamynda ätiýaçlyk batareýalaryň satuwda bolmagyny üpjün etmäge borçly bolarlar. Eger batareýany çalşyrmak üçin ýörite gural gerek bolsa, kompaniýa ony enjam bilen bilelikde müşderä mugt bermelidir.

​Häzirki wagtda enjamlaryň köpüsi aýryp-dakylmaýan batareýalar bilen öndürilýär. Bu bolsa, batareýa zaýalanan wagtynda sarp edijileri täze enjam almaga mejbur edýär.


07.06.2026 19:44
1.1k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

31.05.2026 00:31
2.1k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....