Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner

  • 12.03.2026 13:43
  • 2.7k+

Hytaýyň Kommersiýa ministrligi Niderlandlarda ýerleşýän Nexperia kompaniýasynyň baş edarasy tarapyndan edilýän hereketleriň gepleşikler üçin täze päsgelçilikleri döredýändigini mälim etdi. Mundan ozal, kompaniýa Hytaýdaky işgärleriniň korporatiw hasaplaryny ýapypdy.

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Pekin bu ädimi «meçew bermek» diýip atlandyrdy. Hytaý tarapy, eger bu ýagdaý dünýäde ýarymgeçirijiler önümçiliginde we üpjünçilik zynjyrynda täze çökgünlige sebäp bolsa, Niderlandlaryň muňa doly jogapkärçilik çekjekdigini duýdurdy.

Gapma-garşylyk 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlandy. Şonda Niderlandlaryň hökümeti milli howpsuzlyk we Ýewropa Bileleşiginiň «tehnologik özygtyýarlylygy» sebäplerini öňe sürüp, kompaniýanyň hytaýly eýesi bolan Wingtech Technology holdingini dolandyryşdan çetleşdirip, kompaniýany öz gözegçiligine aldy.

Hytaý bolsa muňa jogap hökmünde Nexperia-nyň Hytaýdaky zawodlaryndan Ýewropa haryt eksport edilmegini bökdedi. Bu mikroshemalaryň dünýä boýunça awtoulaglaryň elektron ulgamlarynda örän giňden ulanylýandygy sebäpli, dessine degişli pudakda bökdençlikler ýüze çykyp başlady.

Nexperia dünýäniň çip bazaryndaky paýy 1 göteriminden hem az bolsa-da, ol häzirki zaman awtoulaglarynyň tas her birinde ulanylýan çalşyp bolmajak esasy şaýlary (tranzistorlary, diodlary we logiki shemalary) öndürýär.

Hytaýyň, Niderlandlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin edilýän synanyşyklar häzirlikçe miwesini bermeýär. Netijede dawa kazyýet işleri we taraplaryň biri-birini hyýanatçylykda aýyplamagy bilen dowam edýär.


12.06.2026 06:42
6.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....