SpaceX-iň IPO-syny Maskyň doglan gününe we planetalaryň ýörişine gabatlap geçirjek bolýalar

  • 30.01.2026 14:25
  • 3.2k+

Financial Times neşiriniň berýän habaryna görä, SpaceX kompaniýasy paýnamalarynyň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegini (IPO) 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryna geçirmegi meýilleşdirýär. Neşirde bu senäniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi şol aýda kärhananyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň doglan gününiň, şeýle-de planetalaryň ýörişiniň boljakdygy bilen baglanylýar. 
SpaceX-iň wekilleri bu maglumata teswir bermekden ýüz öwürdiler.
Mundan ozal kompaniýanyň umumy bahasyny 1,5 trillion diýip kesgitlemek bilen, 50 milliard dollardan gowrak möçberde rekord derejeli paýnamalaryny ýerleşdirmek niýetiniň bardygy mälim boldy. Bu prosese taýýarlyk görmäge Bank of America, Goldman Sachs, JPMorgan Chase we Morgan Stanley ýaly maliýe guramalary çekildi. Şol bir wagtyň özünde, birnäçe bankirler we maýadarlar iýun aýyndaky listinge (paýnamalaryň birža sanawyna girizilmegine) taýýarlyk görmegiň möhletiniň örän gysgadygyna närazylyk bildirýärler.
Ilon Mask doglan gününi 28-nji iýunda belleýär. Bu ýyl onuň 55 ýaşy dolýar. Hut şol günlerem wajyp astronomik wakalara garaşylýar: 8–9-njy iýunda Ýupiter we Wenera planetalary biri-birine golaýlaşar, ondan soňky günlerde bolsa Ýupiter, Wenera we Merkuriý planetalarynyň bir hatara düzülmegi netijesinde planetalaryň ýörişi bolar.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....