SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

  • şu gün 17:10
  • 416

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Bu çözgüt kompaniýanyň IPO-dan soň paýnamalarynyň bahasynyň aşak düşmegi esasynda kabul edildi. Duşenbe güni SpaceX-iň kagyzlary 16% arzanlady, soňky günlerde bolsa olaryň bahasy bir paýnama üçin tas 200 dollardan, takmynan, 155 dollara çenli peseldi.

Paýnamalaryň ilkinji köpçülikleýin hödürlenmeginiň (IPO) barşynda kompaniýa 85,7 milliard dollar çekmegi başarypdy, onuň bazar bahasy bolsa tas 2,9 trillion dollara çenli ýokary galdy. Şondan soňky bolup geçen korreksiýadan soň, SpaceX-iň kapitalizasiýasy, takmynan, 600 milliard dollar azaldy.

Neşiriň maglumatlaryna görä, obligasiýalar 5 ýyldan 30 ýyla çenli möhlet bilen çykarylar. Paýnama bahalarynyň peselmegine garamazdan, bilermenler kompaniýanyň bu kagyzlaryna bolan islegiň ýokary bolmagyna garaşýar. Karz serişdelerini ýerleşdirmek işleri bilen Goldman Sachs we beýleki iri banklar meşgullanýar.


19.06.2026 19:30
3.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.3k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

21.05.2026 18:14
2.9k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......