SpaceX köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy

  • 19.11.2025 10:08
  • 1.3k+

17-nji noýabrda SpaceX köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny geçirdi. Uçuş Wandenberg kosmos bazasyndan amala aşyryldy. Raketa ummany kartalaşdyrmak üçin niýetlenen Sentinel-6B hemrasyny orbita çykardy. Falcon 9-yň birinji basgançagy uçuşdan dokuz minutdan soň meýilleşdirilişi ýaly Wandenberg bazasyna gaýdyp geldi.

Ikinji basgançak Sentinel-6B-ni uçuşdan 57 minutdan soň 1322 kilometr belentlikde orbita çykardy. 1440 kg agramly hemra birnäçe barlaglardan soň öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişer.
NASA-nyň wekili Derrol Neýl Sentinel-6B missiýasynyň eýýäm 40 ýyl bäri alnyp barylýan dünýä ummanynyň derejesine gözegçilik boýunça işi dowam etdirjekdigini belledi. Hemra Ýewropa Bileleşiginiň Ýere gözegçilik etmek boýunça Copernicus maksatnamasynyň bir bölegidir.

Sentinel-6B taslamasy CNES fransuz kosmos agentliginiň goldaw bermeginde Ýewrokomissiýa, Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA), NASA, Eumetsat we ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasy tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär. Missiýanyň beýanynda soňky 25 ýylda dünýä ummanynyň ortaça derejesiniň tas 10 sm ýokary galandygy bellenilýär.
Hemra radiolokasiýa altimetri we atmosferanyň çyglylygyny kesgitlejek mikrotolkunly radiometr bilen üpjün edildi. Gözegçiligiň birinji ýylynda Sentinel-6B özünden öňki hemra Sentinel-6 bilen bilelikde işlär.
Eýýäm üçünji missiýada ulanylan Falcon 9-yň birinji basgançagy ozal Starlink hemralaryny orbita çykarypdy.


düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
4.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......