Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

  • 19.05.2026 23:21
  • 2.4k+

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin taýýarlyk tapgyry bolar.

Maksatnama Orion gämisiniň Aýa gonuş modullary bilen özara täsirini we baglanyşygyny barlamagy maksat edinýär.

Missiýanyň dowamlylygy 10 günden köp bolar (bu Artemis II missiýasyndan has uzakdyr). Bu wagt ekipaža ýerdäki gulluklar we täjirçilik hyzmatdaşlary bilen işleşmegi öwrenmäge mümkinçilik berer.

Bu missiýada taryhda ilkinji gezek SpaceX we Blue Origin kompaniýalary bilelikde gatnaşarlar. NASA iki potratçynyň uçurylyşyny we orbitadaky amallaryny utgaşdyrar.

Raketada hakyky ýokary basgançagyň ýerine, agramy we ölçegi boýunça oňa kybapdaş, emma hereketlendirijisiz maket oturdylar.

Blue Origin özüniň Blue Moon Mark 2 imitatoryny, SpaceX bolsa Starship HLS imitatoryny orbitada synagdan geçirer. Gämileriň bu apparatlar bilen ýakynlaşmagy we birleşmegi missiýanyň dürli tapgyrlarynda ýerine ýetiriler.

NASA Axiom kompaniýasynyň täze AxEMU skafandrlarynyň gonuş modullarynyň interfeýslerine laýyklygyny barlamagy meýilleşdirýär. Bu barlaglar Aýyň ýüzünde däl-de, diňe ulgamlaryň we proseduralaryň özara sazlaşygyny bahalandyrmak üçin geçiriler.

Artemis III missiýasyna Artemis IV-iň çäklerinde amala aşyryljak hakyky gonuşdan öňki iň soňky taýýarlyk hökmünde garalýar. Häzirki wagtda uçuşyň anyk wagty we ekipažyň düzümi mälim edilmedi.


düýn 16:17
1.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
1.8k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

04.06.2026 19:55
5.8k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......