Mask paýnamalaryň taryhdaky iň uly köpçülikleýin satuwyndan soň SpaceX-de doly gözegçiligini özünde saklar

  • 25.04.2026 17:05
  • 4.4k+

Reuters agentliginiň SpaceX-iň IPO (paýnamalaryň köpçülikleýin satuwy) resminamalaryna salgylanyp berýän habaryna görä, kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Mask baş direktoryň, tehniki direktoryň hem-de dokuz agzadan ybarat bolan direktorlar geňeşiniň başlygynyň wezipelerini saklap galar.

Gözegçiligi güýçlendirmek üçin, Maska we insaýderleriň çäkli toparyna beýleki maýadarlaryň kagyzlaryndan has ýokary artykmaçlyga eýe bolan ses berme hukugyny berýän paýnamalar berler.

SpaceX-iň paýnamalarynyň ilkinji köpçülikleýin satuwyny 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçirmegine garaşylýar. Kompaniýa eýýäm SEC-e (Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýa) degişli arzasyny tabşyrdy. Kompaniýa takmynan 1,75 trillion dollar bazar gymmaty bilen 75 milliard dollar maýa goýum çekmegi meýilleşdirýär. Bu görkeziji SpaceX-iň gazna bazaryndaky ilkinji çykyşyny taryhda iň uly satuwa öwrüp biler.

Maskyň 2025-nji ýyldaky aýlygynyň bary-ýogy 54 080 dollar bolandygyna garamazdan, IPO-dan soň ol birnäçe milliard dollar gymmatynda paýnama görnüşindäki sylag alyp biler. Resminamalarda beýleki ýolbaşçylaryň girdejileri barada hem maglumatlar bar: prezident we operasion direktor Gwinn Şotwell geçen ýyl 85,8 million dollar, maliýe direktory Bret Jonsen bolsa 9,8 million dollar gazandy.

SpaceX köp gezeklik Falcon raketalar topary, Starship planetalarara ulgamy we Starlink global hemra internet ulgamy bilen meşgullanýan ABŞ-nyň öňdebaryjy hususy aerokosmos kompaniýasy bolup durýar.


22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......

17.05.2026 20:40
5.6k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

14.05.2026 00:17
5.1k+

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......