Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar

  • 10.02.2026 11:20
  • 9.4k+

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Marsy eýelemek meýlini ikinji orna süýşürip, ünsüni Aýa gönükdirdi. Indi milliarder Aýda öz-özüni ösdürýän şäheriň taslamasy barada çynlakaý pikir ýöredýär. 
Onuň pikiriçe, Ýeriň tebigy hemrasynda ilatly nokady 10 ýyla-da ýetirmän gurup bolar. Gyrmyzy planetada şeýle şäheri gurmak üçin 20 ýyldan gowrak wagt sarp etmeli bolardy.
Maskyň aýtmagyna görä, kompaniýanyň wezipesi «biziň bilşimize görä aňymyzy we durmuşymyzy, ýyldyzlara ýaýratmakdan» ybaratdyr. Ol Marsa uçuşlaryň diňe her 26 aýdan bir gezek gaýtalanýan planetalaryň belli bir ýere jemlenen wagtynda mümkindigini, uçuşyň özüniň bolsa takmynan alty aýa çekýändigini düşündirdi. Aýa uçuşlary bolsa her 10 günden bir gezek amala aşyryp bolýar we uçuş bary-ýogy iki gije-gündiz çemesi dowam edýär. Hut şulardan ugur alyp, Mask Aý şäheriniň gurluşygyny Marsdakydan has çalt tamamlap biljekdigini nygtaýar.
Gepiň gerdişine görä, ol SpaceX-iň Marsda şäher gurmak pikirinden hem ýüz öwürmeýändigini we bu taslama takmynan bäş-ýedi ýyldan başlamagy meýilleşdirýändigini-de nygtap geçdi.


22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......

17.05.2026 20:40
5.6k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

14.05.2026 00:17
5k+

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......