Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

  • 08.02.2026 10:23
  • 2.2k+

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär.
Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi. Şunlukda, Starship gämisini Marsa ibermek meýilnamalary wagtlaýyn yza süýşürilýär. Ýogsa, birnäçe wagt mundan öň hem Ilon Maskyň uzak möhletleýin strategiýasynyň esasy bölegi Marsa uçmak hasap edilýärdi.
Aslynda, SpaceX Marsa gonuş tehnologiýalaryny kämilleşdirmek üçin eýýäm şu ýyl uçarmansyz uçuşy amala aşyrmaga hyýallanýardy. Indi bolsa esasy üns, Artemis III missiýasynda möhüm orun eýeleýän Starship gämisiniň – NASA-nyň kosmonawtlarynyň 1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gonmagy meýilleşdirýän ýeri bolan Aýa tarap gönükdi. 


düýn 14:38
2.4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

18.06.2026 11:16
2.8k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......