Maskyň SpaceX kompaniýasy rekord 800 mlrd dollarlyk paýnama satmak barada gepleşik geçirýär

  • 09.12.2025 12:50
  • 3.8k+

Ilon Maskyň SpaceX amerikan aerokosmos kompaniýasy maýadarlar bilen kompaniýany 800 mlrd dollar bilen bahalandyryp biljek paýnamalary satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada gepleşikleriň gidişi bilen tanyş çeşmeler habar berdi diýip, The Financial Times ýazýar.

SpaceX-iň häzirki bazar bahasy 400 mlrd dollar bolup, bu onuň bahasynyň iki esse ýokarlanjakdygyny aňladýar.
Paýnamalary kesgitlenen baha boýunça üstünlikli satmak başardan ýagdaýynda, SpaceX ABŞ-da ýene iň gymmat hususy kompaniýa bolar diýip, The Wall Street Journal ýazýar. Häzirki wagtda bu at Sem Altmanyň OpenAI kompaniýasyna degişlidir.
SpaceX-iň maýadarlary kosmos pudagynda amerikan hökümetiniň potratçysy bolan we hemralar arkaly global Starlink internet hyzmatyny ösdürýän kompaniýanyň paýnamalary ilkinji gezek köpçülige hödürlemegine (IPO) köp garaşdy. The Wall Street Journal neşiri 800 mlrd dollar baha ýetmäge kepiliň ýokdugyny, ýöne IPO-nyň 2026-njy ýyla meýilleşdirilendigini belleýär.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....