SpaceX kompaniýasy Falcon raketasynyň 600-nji uçuşyny amala aşyrdy: ol gizlin missiýa boldy

  • 19.01.2026 14:47
  • 2.6k+

SpaceX kompaniýasy NROL-105 missiýasynyň uçuşyny amala aşyrdy. Ol Falcon maşgalasyna degişli raketanyň 600-nji uçuşy boldy. Uçuş ýerli wagt bilen 16-njy ýanwarda agşam geçirildi. Bu 2026-njy ýylda SpaceX-iň ýedinji missiýasy we şu ýylda ABŞ-nyň milli howpsuzlygynyň bähbitleri üçin amala aşyrylan ilkinji uçuryş boldy.

Falcon 9 raketasy gündogar wagty bilen 23:39-da Kaliforniýadaky Wandenberg ABŞ-nyň kosmos güýçleriniň bazasyndan uçuryldy. Uçuş ABŞ-nyň Milli harby-kosmos gözegçilik edarasynyň (NRO) sargydy boýunça ýerine ýetirildi.
NROL-105 missiýasy Distributed Architecture programmasynyň çäklerinde on ikinji missiýa boldy. Ol gözegçilik hemralarynyň täze neslini döretmäge gönükdirilýär. Programma köp sanly kiçi kosmos enjamlarynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle çemeleşme hemra ulgamyny has çeýe dolandyrmaga, enjamlary orbitada has çalt ýerleşdirmäge, çykdajylary azaltmaga we hemralaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Gizlinlik sebäpli SpaceX we NRO hemralaryň sany, olaryň orbitalary we işe giriziljek möhleti barada maglumat bermedi. 


düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
4.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......