Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 05.02.2026 22:58
  • 3.2k+

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň esasy mazmuny söwda-ykdysady, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy.
Türkmen tarapy öz çykyşynda ýurduň B5+1 formatyndaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Merkezi Aziýanyň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri bolan ösýän bazar hökmündäki mümkinçilikleri bellenilip geçildi.
Şeýle hem Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere, işewürlik gurşawynyň gowulandyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň, energetikanyň, ulag-logistika infrastrukturasynyň we beýleki möhüm ulgamlaryň ösdürilmegine üns çekildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri ABŞ-nyň işewürlik toparlary bilen geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşdy. Onda makroykdysady ösüş, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususy pudagy goldamak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag geçelgelerini ösdürmek we Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak işini ilerletmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, SpaceX kompaniýasynyň Starlink Global ygtyýarnama we bazar ösüşi boýunça direktory Rebekka Hanter bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Taraplar sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa we hemra aragatnaşygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......