SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

  • 23.05.2026 15:01
  • 3.7k+

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 17:30-da (Aşgabat wagty bilen 23-nji maýda sagat 03:30-da) Tehas ştatynyň Boka-Çika sebitindäki kosmodromdan amala aşyryldy.

Aslynda bu uçuş bir gije-gündiz öň meýilleşdirilipdi, ýöne ýüze çykan tehniki näsazlyk sebäpli yza süýşürildi.

Raketa asmana galandan ýedi minut soň, Super Heavy tizleşdirijisi kosmos gämisinden aýryldy we Meksika aýlagyna gondy. Starship gämisiniň özi bolsa Ýeriň daşyndan doly bolmadyk aýlawy amala aşyryp, orbita 20 sany emeli hemra-imitatoryny we döwrebaplaşdyrylan iki sany Starlink hemrasyny çykardy.

Gämi öz öňünde goýlan wezipäni ýerine ýetirenden soň, orbitadan çykdy we Hindi ummanynyň öňünden kesgitlenen sebitine gondy. Uçuşyň umumy dowamlylygy 65 minut boldy.

Bu uçuş Starship ulgamynyň 12-nji synag uçuşy bolup, döwrebaplaşdyrylan Raptor hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylan V3 üçünji nesil raketasy üçin ilkinji synagdyr. Mundan öňki geçirilen 11 uçuşyň 6-sy üstünlikli diýlip ykrar edilipdi.

Köp gezeklik Starship V3 ulgamynyň beýikligi 124 metre barabar. SpaceX kompaniýasy ony adamzat taryhyndaky iň uly we iň kuwwatly raketa diýip atlandyrýar. Super Heavy tizleşdirijisiniň kuwwaty NASA tarapyndan Aýa adamly uçuşlar üçin ýörite işlenip taýýarlanylan Space Launch System raketasynyň kuwwatyndan, takmynan, iki esse ýokarydyr.


11.06.2026 10:55
1.6k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....