SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy

  • 11.12.2025 09:36
  • 1.3k+

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr.

Raketa Ýere golaý orbita 29 sany Starlink 2.0-mini hemrasyny çykardy. Uçuş ýaramaz howa şertleri  we tehniki barlaglar sebäpli birnäçe gün yza süýşürildi.
Birinji basgançak B1067 uçuşdan sekiz minutdan soň Atlantik ummanyndaky Just Read the Instructions (JRTI) ýüzýän platformasyna gaýdyp geldi.
SpaceX bu uçuşyň orbita 12 000-den gowrak hemrany çykarmak boýunça uly meýilnamanyň bir bölegi bolandygyny belledi. Starlink 2.0-mini hemralary aragatnaşyk üçin kämilleşdirilen lazer geçirijileri, şeýle-de mobil gurluşlara göni birikmek ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýa basgançaklary 40 gezege çenli gaýtadan ulanmaga ymtylýandygyny aýtdy.
Häzirki uçuş şu ýylda Falcon 9-yň 158-nji uçuşy we 2017-nji ýyldan bäri birinji basgançagyň 510-njy gezek gaýtadan uçuşy boldy. 2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hem SpaceX Kaliforniýadaky Wandenberg bazasyndan 29 Starlink hemrasyny uçurypdy.  


düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
4.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......