Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady

  • 21.12.2025 20:28
  • 12k+

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 mlrd dollara ýetdi.

Täze maliýe rekordy Delawer ştatynyň kazyýetiniň çözgüdi bilen baglanyşykly boldy. Kazyýetiň karary bilen Mask Tesla-nyň häzir 139 mlrd dollara deň bolan paýnamalaryny almak hukugyna eýe boldy. Ozal aşaky kazyýet bu hukugyň berilmegine garşy çykypdy. Kompaniýada işewüriň 12 göterimlik paýy 197 mlrd dollar diýlip hasaplanýar.
Bary-ýogy bäş gün ozal Mask taryhda ilkinji bolup 600 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Rekord SpaceX kompaniýasy 2026-njy ýyla meýilleşdirilen ilkinji IPO-nyň öňüsyrasynda öz bahasyny 800 mlrd dollar bilen bahalandyrandan soň hasaba alyndy. Paýnamalaryň köpçülige hödürlenmegi taryhda iň ulusy bolup biler diýip, Bloomberg ýazýar. Maskyň aerokosmos korporasiýasynyň paýnamalarynyň 42%-ine eýeçilik edýändigini göz öňünde tutsaň, telekeçiniň kompaniýadaky paýy 336 mlrd dollar diýlip hasaplanýar.
Mask oktýabrda 500 mlrd dollar belliginden geçdi. Deňeşdirmek üçin, ozal 400 mlrd dollar görkezijä diňe Oracle-yň esaslandyryjysy Larri Ellison ýetipdi.
Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ilon Mask bilen milliarderleriň reýtinginde 265 mlrd dollar bilen ikinji orunda ýerleşýän Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýjiň arasyndaky tapawut 373 mlrd dollara deň.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....