Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

  • 23.04.2026 15:22
  • 1.1k+

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, raketa we uçurýjy gurluşy taýýarlamak işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Uçuş bolsa ýakyndaky hepdeleriň birinde amala aşyrylmaly.

Asylam milliarder uçuş üçin 4-6 hepdäni öz içine alýan aralygy çaklapdy. Bu aýdanlary-da maý aýyndaky uçuş meýilnamasyna doly gabat gelýär.

FCC kadalaşdyryjy guramasynyň maglumatlarynda «Flight 12» kod ady bilen geçiriljek geljekki missiýanyň suborbital (ýeriň daşyna doly çykmaýan) häsiýetde boljakdygy bellenilýär. Eger synaglar üstünlikli geçse we ähli ulgamlar kadaly işlese, indiki «Flight 13» uçuşynyň doly orbital görnüşde bolmagyna garaşylýar.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

23.05.2026 15:01
3.7k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......