SpaceX kompaniýasy xAI sebäpli ýyly $18,5 mlrd girdeji we $5 mlrd ýitgi bilen tamamlady

  • 15.04.2026 16:56
  • 1.4k+

SpaceX kompaniýasy geçen ýyly 18,5 milliard dollar girdeji we 5 milliard dollar töweregi zyýan bilen tamamlady. Bu barada «The Information» neşirine salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi.

Bu görkezijileriň şu ýylyň fewral aýynda SpaceX kompaniýasyna birikdirilen xAI startapynyň netijelerini hem öz içine alýandygy bellenilýär. xAI hasaba alynmadyk ýagdaýynda, kompaniýanyň düşewünt gazanmagy mümkindi.

Mundan ozal Reuters agentligi SpaceX-iň öz girdejisiniň 2025-nji ýylda 15-16 milliard dollardygyny, düşewündiniň bolsa 8 milliard dollara ýetendigini habar beripdi. Şeýlelikde, xAI startapynyň goşulmagy jemleýji maliýe netijesine täsir etdi.

Ilon Mask kompaniýalaryň birleşdirilmegine uzak möhletleýin strategiýanyň bir bölegi hökmünde garaýar. Hususan-da, söhbet xAI-yň hasaplaýyş infrastrukturasyny, şol sanda kosmos tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ösdürmek barada barýar.

SpaceX hususy kompaniýa bolmagynda galýar, emma ol IPO (aksiýalaryny biržada ýerleşdirmek) üçin arza berdi. Kompaniýa biržada satuwa çykarylan ýagdaýynda, onuň bazar gymmaty, takmynan, 1,75 trillion dollara ýetip biler.


düýn 23:37
2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......