Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

  • 14.05.2026 11:43
  • 2.1k+

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi.

NASA tarapyndan çap edilen suratlar müňlerçe kilometr aradaşlykdaky sebitleri öz içine alýar we dürli geologik prosesleriň, suwuň we wagtyň planetanyň ýüzüne nähili täsir edendigini, şeýle hem bir-birine düýpden meňzemeýän zolaklary döredendigini görkezýär.

Persevance-iň panoramasy apparatyň 2021-nji ýylyň fewral aýyndan bäri işleýän ýeri bolan Ýezero krateriniň gyrasyndaky “Lak de Şarm” sebitinde düşürilipdir. 2025-nji ýylyň dekabry bilen 2026-njy ýylyň ýanwary aralygynda düşürilen, 980 suratdan ybarat bolan mozaika gadymy suw akymlarynyň emele getiren gazaply relýefini görkezýär.

Milliardlarça ýyl mundan ozal bu ýerde köl we derýanyň deltasy ýerleşipdir, bu bolsa sebiti gadymy mikrobial ýaşaýşyň yzlaryny gözlemek üçin möhüm ähmiýete eýe edýär. Alymlar bu sebitdäki gatlakly dag jynslarynyň we harsaňlaryň irki Gün ulgamynyň taryhyny we Marsyň gabygynyň emele geliş döwrüni saklap galan, özboluşly “wagt kapsulasy” mysaly bir zat hasaplanýandygyny belleýärler.

Şol bir wagtyň özünde, Geýl kraterinde ýerleşýän Curiosity Şarp dagynyň etegindäki pes gerişleriň ulgamyny öz içine alýan 1031 suratdan ybarat panoramany iberdi. Bu gurluşlar ýerasty suwlaryň dag jynlarynyň jaýryklaryndan aýlanmagy netijesinde emele geldi. Curiosity öz missiýasynyň 15 ýylynyň dowamynda bu ýerde karbonat minerallaryny we çylşyrymly organiki birleşmeleri tapdy, bu bolsa geçmişde planetada baý prebiotik himiýanyň bolandygyny görkezýär.

Mars rowerleri biri-birinden takmynan 3775 kilometr aradaşlykda ýerleşýän hem bolsalar, täze maglumatlar alymlara Marsyň dürli "ýüzlerini" detallaýyn deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Curiosity geçmişdäki daşky gurşawyň ýaşaýyş üçin umumy laýyklygyny öwrenýän bolsa, Perseverance gadymy organizmleriň gönüden-göni alamatlaryny gözleýär we geljekde Ýere ibermek üçin nusgalary ýygnaýar. Bu missiýalar bilelikde Marsyň çygly dünýäden sowuk çöle global özgerişini düşünmäge kömek edýär.
 


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......