Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

  • 10.05.2026 10:31
  • 6.1k+

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we hiç hili talaňçylyga sezewar edilmedik kerpiçden gurlan gubur hem tapyldy.

Şäher häkimliginiň we Winkowsi muzeýiniň maglumatlaryna görä, gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerinde eýýäm rim döwrüne degişli 44 sany gubur ýüze çykaryldy, olaryň 19-ysy öwrenildi. Tapyndylaryň agramly bölegi biziň eýýamymyzyň II–III asyrlaryna — Sibalae şäheriniň Rimiň Pannonniýa welaýatynyň möhüm merkezi bolan döwürlerine degişlidir.

Esasy tapyndy bolsa 40–45 ýaşlaryndaky bir erkegiň galyndylary bolan ýapyk kerpiç gubur boldy. Arheologlar skeletiň örän gowy saklanandygyny, munuň bolsa jaýlanan adamyň iýmitlenişinden başlap, hroniki kesellerine we fiziki agyrlyklaryna çenli hemmetaraplaýyn barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýändigini habar belleýär.

«Winkowsiniň çäginde ýapyk, el degrilmedik guburlara örän seýrek duş gelýäris. Häzirki wagta çenli öwrenilen 200-den gowrak rim kerpiç guburlaryndan diňe ikisi talaňçylyga sezewar edilmedik ýagdaýda tapyldy» – diýip, şäher muzeýiniň direktory Hrwoýe Wuliç belledi.

Guburyň içinde merhumyň sag dabanynyň ýanyndan demir we sag egniniň ýanyndan kiçiräk bürünç bölekler tapyldy. Arheologlar bu tapyndynyň gymmatlygynyň, ilkinji nobatda, guburyň taryhy keşbiniň bozulman saklanyp galmagyndadygyny nygtaýar.

Taryhçylaryň bellemegine görä, häzirki Winkowsi şäheri gadymy rim obalarynyň üstünde ýerleşýär, şonuň üçin hem şäherdäki gurluşyk işleri, köplenç, täze arheologik tapyndylaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.


düýn 23:53
2.2k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:45
4.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......