Gadymy maýýa ybadathanasy Älemiň modeli bolup çykdy

  • 11.11.2025 13:06
  • 7.6k+

Arheologlar 2020-nji ýylda Meksika bilen Gwatemalanyň serhetinde tapylan Aguada-Feniks maýýa ybadathanasynyň, hakykatda, ägirt “kosmogrammadygyny” – gadymy maýýalaryň Älemi göz öňüne getirişiniň modelidigini anyklady diýip, Live Science habar berýär.

Bu sebitde gazuw-agtaryş işleri eýýäm on ýyl bäri alnyp barylýar. Aguada-Feniks maýýa sebitinde iň gadymy we iň uly binagärlik ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar. Ol Mezoamerikanyň gadymy şäherleriniň köpüsinden uludyr. Onuň gurluşygy b.e.öň 1050-nji ýyl bilen senelenýär, ýagny maýýa ýazuwy döremezden ozal peýda bolupdyr, şonuň üçin ol barada ýazuw subutnamalary saklanyp galmandyr.
Ýadygärlik “Älemiň gurluşyny” görkezýän şäher ululygyndaky ägirt karta bolupdyr diýlip hasaplanylýar. Binagärlik ulgamy kesişip, atanak şekilleri emele getirýän kanallary, ýollary we bendi öz içine alýar. Desganyň umumy meýdany 9 x 7,5 km barabar. Mundan başga-da, gurluşykçylar Aguada-Feniksi Günüň dogýan tarapyndan ugur alyp gurupdyr, bu hem giçki maýýa we astekler üçin möhüm bolan 260 günlük däp-dessur döwri bilen baglanyşdyrylýar.
Ybadathanada däp-dessur ähmiýetli bolup biljek predmetler, şol sanda krokodil, guş şekilli nefrit bezegleri bilen guburlar, keramiki gap-gaçlar tapyldy.
Aguada-Feniksiň gurluşygy tamamlanman galdy. Näbelli sebäplere görä, bu ýer b.e.öň 700-nji ýyllarda taşlanypdyr.


şu gün 10:01
123

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
1.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......