Gobi çölünde üýtgeşik tegelek kelleli dinozawr tapyldy

  • 20.09.2025 14:25
  • 9.8k+

Mongoliýadaky Gobi çölünde paleontologlar gümmezkelle dinozawryň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Galyndylaryň ýaşy 108-115 mln ýyla barabar. Bu häzirki günde şeýle dinozawrlaryň iň gadymy we doly galyndylarydyr. Bu hem olaryň peýda bolan senesini, takmynan, 15 mln ýyl yza süýşürýär. 

Täze görnüş Zavacephalae rinpoche diýlip atlandyryldy. Alymlaryň açyşy bu täsin jandarlaryň tegelek kelleçanagynyň nähili ösendigine düşünmäge kömek eder. Onuň ady “düýp” ýa-da “gelip çykyş” diýmegi aňladýan “zava” tibet sözünden we “kelle” diýmegi aňladýan “cephal” latyn sözünden gelip çykýar. “Rinpoçe” sözi “gymmatly” diýmegi aňladýar we ol paleontologlar toparynyň gaýadan ýylmanan gymmatly daş ýaly çykyp duran kelleçanagy tapmagy bilen baglanyşyklydyr.
Galyndylaryň daşa öwrülmegi dinozawryň süňkleriniň ýarysyny diýen ýaly, şol sanda kelleçanagy, guýrugy, el-aýak böleklerini we iýmiti ownatmaga kömek eden aşgazandaky daşlary saklap galypdyr. Diri wagtynda dinozawryň uzynlygy bir metr, agramy bolsa 5,85 kg töweregi bolan bolmaly.
Alymlar süňklerdäki ösüş halkalary boýunça jandaryň ýaşdygyny, ýöne kelleçanak gümmeziniň doly kemala gelendigini anyklady. Bu hem onuň jyns taýdan ýetişendigini aňladýar. “Zavacephalae rinpoche – ilkinji gezek pahisefalozawrlarda kelleçanagyň ösüş we kemala geliş tapgyryny deňeşdirmäge mümkinçilik berýän seýrek tapyndy” – diýip, paleontolog Lindsi Zanno belledi.
Indi ylmy gözlegçiler häzire çenli ylym üçin syr bolup galan bu dinozawrlaryň anatomiýasyny we özüni alyp barşyny has gowy öwrenip biler. 


19.06.2026 19:49
4.2k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......