Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheriniň täze yzlary tapyldy

  • 20.05.2026 11:33
  • 3.9k+

Arheologlar Meksikanyň jeňňelliklerinde tapylan ýeriň maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheri bolup biljekdigine degişli täze subutnamalary hödürledi. Bu ýeriň ispan basybalyjygyndan soňra garşylyk görkezilen iň soňky merkezleriň birine öwrülendigi çaklanylýar diýip, «BBC Science Focus» neşiri ýazýar.

Gözlegleriň netijeleri barada Amerikan arheologiýa jemgyýetiniň duşuşygynda habar berildi. Bu işe Ýaponiýanyň Rissýo uniwersitetiniň doktory Ýuko Siratori ýolbaşçylyk etdi. Onuň aýtmagyna görä, taryhy resminamalar 1694-nji ýylda bu ilatly nokatda 100-den gowrak öýüň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Sak-Balam (ady «ak ýaguar» diýmegi aňladýar) ispanlar tarapyndan lakandon-çoli halkynyň Lakam-Tun paýtagt şäheri tozdurylandan soň, bu halk tarapyndan 1586-njy ýylda esaslandyrylypdyr. Bu ilatly nokat bir asyrdan gowrak wagt hereket edip, 1695-nji ýylda özüniň bar bolmagyny bütinleý bes edipdir.

Arheologlar bu şäheriň barlygyny görkezýän esasy subutnamalaryň biri hökmünde tapylan uzynlygy 16 metre, beýikligi bolsa, takmynan, bir metre barabar bolan diwary hasaplaýar. Gözlegçileriň aýtmagyna görä, onuň ölçegleri ispan resminamalarynda şäheriň jemgyýetçilik desgalary barada berilýän maglumatlar bilen gabat gelýär.

Şeýle hem gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerinde keramiki bölekler we maýmynyň şekiljigi tapyldy.

Alymlar tapylan diwaryň binanyň düýbi bilen baglanyşyklydygyny anyklamak üçin gözlegleri dowam etdirmekçi bolýar. Şäheriň tapylmagyna goşmaça taryhy tassyklama hökmünde kül gatlagy hem hyzmat edip biler, sebäbi taryhy çeşmelere görä, Sak-Balam şäheri basyp alnan wagty ýakylypdyr.


07.06.2026 20:06
3.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......