Rimlileriň gämileri nädip suw geçirmän uzak aralyga ýüzüp bilipdir?

  • 13.05.2026 23:14
  • 6.1k+

Horwatiýanyň kenarlarynda 2200 ýyl mundan ozal gark bolan «Ilowik-Paržine 1» rim gämisiniň öwrenilmegi alymlara diňe bir suwdan goragyň nädip üpjün edilendigini däl, eýsem ondan has çuňňur maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.

Fransiýanyň we Horwatiýanyň alymlary molekulýar biologiýa we palinologiýa usullaryny ulanyp, gäminiň şepbik gatlagynyň onuň abatlaýyş işleri we syýahatlary barada maglumatlary saklaýan arhiwdigini subut etdi.

Gäminiň galyndylary 2016-njy ýylda Adriatik deňzindäki Ilowik adasynyň golaýynda tapylypdy. Belli bolşy ýaly, gadymy gämiler agaçdan ýasalyp, korpusyň jebisligini üpjün etmek we biologik taýdan çüýremeginiň öňüni almak üçin suw geçirmeýän materiallar bilen örtülipdir. Köplenç, munuň üçin ösümlik şepbigi, bitum we ary mumy ulanylypdyr.

«Ilowik-Paržine 1» gämisiniň ýagdaýynda alymlar onuň korpusynyň içinden we daşyndan galyň organik gatlak bilen örtülendigini anyklady. Himiýa seljermesi bu örtügiň esasy düzüminiň şepbikdigini görkezdi. Şepbik bolsa mikrobölejikler üçin örän gowy «duzak» bolup hyzmat edipdir, bu hem alymlara daşyndan birmeňzeş görünýän gatlaklary haçan we nirede çalnandygy boýunça tapawutlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Himiýa barlaglary rim ussalarynyň gämi korpusyna diňe bir garaýag çalmandygyny tassyklady. Olar köp düzümli garyndylary ulanypdyr:

  • Arassa iňňe ýaprakly agaçlaryň şepbigi: Esasy gidroizolýasiýa (suw geçirmezlik) üçin ulanylypdyr.
  • Ary mumy garylan garyndy: Mumuň goşulmagy materialyň fiziki aýratynlyklaryny üýtgedip, ony has çeýe edipdir. Bu tolkunlar uran wagty korpusyň üýtgemegi sebäpli örtügiň jaýrylmagynyň öňüni alypdyr we gyzgyn görnüşde täzeden çalmagy ýeňilleşdiripdir.

Iň gyzykly açyş şepbik gatlaklarynyň arasynda galan tozgajyklary öwrenmek boldy. Gämide ulanylan şepbigiň molekulýar düzümi hemme ýerde birmeňzeş bolsa-da, diňe tozgajyklar arheologlara gämä dürli klimat zolaklarynda hyzmat edilendigini anyklamaga ýardam etdi. Meselem, matorral we zeýtun agaçlarynyň tozgajyklary bolan gatlaklar günorta portlary görkezýär we gäminiň Italiýanyň Brundizi şäherinde gurlandygy baradaky teoriýany tassyklaýar.

Örtügiň seljermesi onuň 4-5 tapgyrda çalnandygyny görkezdi. Alymlar gäminiň öň tarapynyň — tolkunlaryň urmasyna we könelmäge has köp sezewar bolýan böleginiň — arka tarapyna garanyňda has köp gatlaklydygyny we tozgajyk düzüminiň hem başgaçadygyny anyklady.

Mundan başga-da, örtügiň ýokary temperaturada işlenendigine degişli alamatlar tapyldy. Nusgalardaky käbir birleşmeler diňe şepbik 300 gradusdan ýokary gyzdyrylanda emele gelýär. Bu bolsa rim gämi gurluşykçylarynyň çig malyň hilini ýörite ýokarlandyrandyklaryny we materiallardan gowy baş çykarandygyny görkezýär.


22.06.2026 23:12
3.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....