ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

  • 14.05.2026 00:03
  • 7.8k+

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Öňler esasy howp hökmünde uruşlar we rewolýusiýalar sebäp bolan bolsa, häzirki wagtda eroziýa, aşa gyzgynlyk we tupanlar gadymy agaç we daş materiallaryna öwezini dolup bolmajak zeper ýetirýär.

Yrak: Urdaky ziggurat we gadymy Wawilon

Medeniýetiň sallançagy hasaplanylýan Yragyň günortasynda aşa gyzgynlyk müňýyllyk taryhy ýuwaşlyk bilen öçürip barýar. Şolaryň hatarynda 4000 ýyllyk taryhly, şumerleriň Aý hudaýy Nanneniň basgançakly ybadathana toplumy (ziggurat) süýşýän çäge depeleriniň we güýçli ýelleriň täsirinde kem-kemden çüýreýär. Gurakçylyk sebäpli ýerasty suwlaryň şorlaşmagy gadymy kerpiçleriň içine duz kristallarynyň aralaşmagyna we olaryň içinden pytramagyna sebäp bolýar. 

Eýran: Yspyhanyň metjitleri

Yspyhan şäherindäki taryhy binalar hem ýeriň çökmeginden ejir çekýär. Suw derejesiniň peselmegi binalaryň aşagyny durnuksyz edýär. Howanyň aşa gyzmagy we çyglylygyň üýtgemegi IX asyrdan bäri saklanyp gelýän meşhur metjitleriň gümmezlerinde jaýryklaryň emele gelmegine getirdi. ÝUNESKO, gynansak-da, bu binalaryň hem ýykylyp biljekdigini duýdurýar.

Pasha adasy: Moai heýkelleri

Dünýä meşhur ägirt uly daş heýkelleriň ýene on ýylyň dowamynda suw astynda galmak howpy bar. Ummanyň derejesiniň ýokarlanmagy we güýçli suw joşgunlary adanyň medeni gymmatlyklarynyň ýarysyndan gowragyna wehim salýar. Bu ýagdaý diňe bir taryhy däl, eýsem, adanyň esasy girdeji çeşmesi bolan syýahatçylygy hem togtadyp biler.

Beýik Hytaý diwary

21 000 kilometrlik bu ägirt uly desga hem öz berkligini ýitirip barýar. Diwaryň uly böleginiň dykyzlandyrylan toprakdan gurulmagy ony ýele we ýagşa garşy ejiz edýär. Häzirki wagtda diwaryň diňe 6%-i gowy ýagdaýda saklanyp galdy. Alymlar diwary halas etmek üçin mohlardan we lişaýniklerden ybarat bolan «biogabyk» (biological crust) ulanmagy teklip edýärler. Bu tebigy gatlak diwaryň indiki opurylmagynyň öňüni alyp biler.

ÝUNESKO-nyň bu hasabaty howanyň üýtgemeginiň diňe dowam edýän durmuşa däl-de, eýsem, adamzat taryhynyň iň ähmiýetli miraslaryna hem zarba urýandygyny görkezýär.


22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......