Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

  • 27.05.2026 20:03
  • 4.1k+

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär.

Bu özboluşly artefakt ýaş hökümdaryň aramgähi tapylanyndan 100 ýyldan gowrak wagt geçenden soň köpçülige gökezmek üçin çykarylan ýeke-täk tapyndy boldy.

Bu diwar aramgäh bütinleý möhürlenmezden öň, ony talaňçylardan goramak maksady bilen gurlupdyr. Onuň ýüzünde jaýlamak däp-dessurlarynyň yzlary, şeýle hem Tutanhamonyň özüniň we nekropolyň goragçylarynyň resmi möhürleri saklanyp galypdyr.

«Bu Tutanhamonyň şu wagta çenli saklanyp galan we dünýäniň ozal hiç wagt görmedik ýeke-täk artefakty» diýip, Luksor şäheriniň Gadymy ýadygärlikler edarasynyň baş direktory Abdelgaffar Wagdi belledi.

Arheologlar şuňa meňzeş desgalaryň bütinleý bozulman saklanan görnüşini gaty seýrek tapýar, sebäbi Müsürdäki patyşalyk aramgähleriniň aglabasy entek gadymy döwürlerde talanypdyr. Emma 1922-nji ýylda Goward Karteriň ekspedisiýasy tarapyndan tapylan Tutanhamonyň aramgähi özüniň ilkinji durkuny diýen ýaly saklamagy başarypdyr.


düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:49
2.1k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
3.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......