Mýanmada seýrek duş gelýän 11 000 karatlyk goýy gyrmyzy-gyzyl ýakut tapyldy

  • 27.05.2026 11:18
  • 5.4k+

Mýanmada agramy 11 000 karat (2,2 kilogram töweregi) bolan uly goýy gyrmyzy-gyzyl ýakut tapyldy. Bu barada ýurduň Maglumat ministrligine salgylanýan Bloomberg agentligi habar berdi.

Mýanmanyň hökümeti daşy örän uly hem-de reňki we arassalygy boýunça seýrek duş gelýän daş hökmünde häsiýetlendirdiler. Ony çykaryp almak geologiki nukdaýnazardan kyn boldy.

Ýakut daşyny anyk kimiň tapandygy barada maglumat heniz aýan edilmedi. Tapyndynyň hususy topar ýa-da döwlet kompaniýasynyň altyn gözleýjileri tarapyndan tapylan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.

Ýurtda öň hem has uly ýakutlaryň tapylandygyna garamazdan, bilermenler bu täze nusganyň dok gyrmyzy-gyzyl reňki we kristalyň hili sebäpli ýokary gymmata eýedigini belleýärler. Deňeşdirmek üçin, 1996-njy ýylda Mýanmada 21 400 karatlyk ýakut tapylypdy.

Bilermenler häzirki daşyň ululygynyň, reňkiniň we gurluşynyň utgaşmasy bilen tapawutlanýandygyny aýdýarlar we ony soňky ýyllardaky iň seýrek tapyndynyň biri hasaplaýarlar.


14.06.2026 17:44
7.3k+

Bagama adalarynyň kenarynda hakyky Karib deňziniň garakçylarynyň eýýamyna degişli gämiler tapyldy

Britaniýaly deňiz arheologlary Nýu-Prowidens adasynyň Nassau gämi duralgasynda batan alty sany gämini ýüze çykardylar. Olaryň üçüsi XVII asyryň ahyry — XVIII asyryň başlaryna, ýagny «garakçylygyň altyn......

13.06.2026 12:29
5.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.6k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....