Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

  • 13.05.2026 23:26
  • 5.2k+

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ärsoýuň habar bermegine görä, heýkel biziň eýýamymyzdan öňki II asyra degişli bolan Günbatar teatrda ýüze çykaryldy.

Heýkel sahnanyň harabalarynyň arasyndan tapyldy we kellesiniň ýokdugyna garamazdan, gowy ýagdaýda saklanypdyr.

Ak mermerden ýasalan heýkel peplos geýen we ýapynjaly hudaýy doly boýuna şekillendirýär. Afinanyň döşünde ýylanlar bilen gurşalan Meduzanyň kellesi şekillendirilen egida örän inçelik bilen oýulyp ýasalypdyr.

Hünärmenler bu tapyndyny stil taýdan imperator Awgustyň döwrüne degişli edýär. Şol döwürde antik sungatda klassyky grek kadalaryna gaýdyp gelmek meýli bolupdyr. Boýun töweregindäki ýapynjanyň görnüşi aýratyn gyzyklanma döredýär, sebäbi bu hudaýyň ikonografiýasynda seýrek duş gelýän detaldyr.

Laodikeýa özüniň dokma önümçiligi bilen meşhur bolupdyr, şonuň üçin Afina bu ýerde diňe bir pähim-paýhas hudaýy hökmünde däl-de, eýsem hünärmentçiligiň hem howandary hökmünde sarpalanyp bilnendir.

Gazuw-agtaryş işleri medeni mirasy gorap saklamak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar we alymlar heýkeliň ýetmeýän böleklerini tapmak umydy bilen işleri dowam etdirýär.


22.06.2026 14:28
1.2k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......